Türkmenistanyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürmegini dowam etdirýär. 25-nji iýunda Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan, Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ji Şumin hem-de Palestina Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rana Abu Hijleh bilen duşuşyklary geçirdi. Bu barada TDH habar berýär.

Duşuşyklarda saglygy goraýyş, çagalary durmuş taýdan goldamak we ynsanperwer taslamalary durmuşa geçirmek ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň dowamynda Gaznanyň BMGÖM we UNICEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen hyzmatdaşlygy, Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasy bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, şeýle hem täze bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge taýýarlyk bellenildi. Palestina Döwletiniň ilçisi Rana Abu Hijleh palestinaly halka berilýän ynsanperwer kömegi üçin Türkmenistana hoşallyk bildirip, Gaznanyň işine ýokary baha berdi.

Duşuşyklaryň jemleri boýunça Gazna Türkiýäniň «Gap Inşaat Yatirim ve Diş Ticaret A.Ş.» kompaniýasy bilen Arkadag şäherindäki mekdebi döwrebaplaşdyrmak, sport toplumyny hem-de 320 orunlyk çagalar bagyny gurmak boýunça şertnama baglaşdy.