Şu gün - 20-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli  baýramçylygy mynasybetli dabaralar ýaýbaňlandyryldy.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary» atly maslahat esasy baýramçylyk dabaralarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, milli diplomatik gullugyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyplar gatnaşdylar. Institutyň eýwanynda sanly tehnologiýalara esaslanýan wirtual sergi guralyp, bu ýerde diplomatiýanyň möhüm ugurlaryny, parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleri şöhlelendirýän wideoşekiller görkezildi.

Ýygnananlar döwlet Baştutanymyzyň bu hünär baýramy mynasybetli diplomatik işgärlere iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Soňra maslahat baýramçylyk çykyşlary bilen dowam etdi. 

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edip, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işini kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler, geljekde-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Asylly däbe görä, hünär baýramynyň şanyna Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklary üçin diplomatik gullugyň ýaş işgärlerine we Halkara gatnaşyklary institutynyň şu ýyl okuwy tamamlaýan tapawutlanan talyplaryna Daşary işler ministrliginiň diplomlaryny gowşurmak dabarasy boldy.

«Bitaraplyk — biziň baky bagtymyz» atly edebi-sazly kompozisiýa maslahatyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi.

«THE ASHGABAT TIMES».