Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy täze sürüjileri işe kabul etmek boýunça resminamalary kabul edip başlady. Boş iş orunlary «Hyundai» we «Yutong» kysymly şäher awtobuslaryny dolandyrjak hünärmenler üçin niýetlenendir.

Dalaşgärler «D» derejeli sürüjilik şahadatnamasyna eýe bolmalydyr. Kärhana bu talaby ýerine ýetirýän raýatlaryň arzalaryna sereder we degişli saýlama işlerini geçirer.

Işe kabul edilýän dalaşgärler üçin ýaşaýan ýeri boýunça hiç hili çäklendirme göz öňünde tutulmaýar. Şonuň üçin Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden raýatlar bu iş orunlaryna dalaşgär bolup bilerler.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Goşmaça maglumat almak ýa-da resminamalary tabşyrmak bilen bagly sowallar boýunça gyzyklanýanlar 44-33-94, 44-33-52 we 44-33-49 telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilerler.

«THE ASHGABAT TIMES».