7-nji we 8-nji dekabrda Türkmenistanyň raýatlary "Ýaponiýada Okuw Wirtual Ýarmarkasy-2024"-e gatnaşmaga çagyrylýar. Ýarmarka Ýaponiýada okamak isleýän daşary ýurtly talyplar üçin geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň web sahypasynda habar berilýär.

Ýarmarkada Ýaponiýanyň 60-dan gowrak okuw mekdebi gatnaşar. Sorag-jogap sessiýalary we şahsy onlaýn maslahatlar geçiriler.

Wirtual ýarmarkanyň geçiriljek tertibi:

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

7-nji dekabr (şenbe) sagat 12:00-dan 18:00-a çenli;

8-nji dekabr (ýekşenbe) sagat 12:00-dan 17:50-a çenli.

Ýörite web sahypasynda Ýaponiýanyň okuw mekdepleri we wideo ýazgylar baradaky degişli maglumatlar bilen tanyşyp bilersiňiz.