Türkmenistanly ýaş zehinler Beýik Britaniýanyň paýtagty London şäherinde geçirilen «IWIS Global Final London 2026» halkara innowasiýa bäsleşiginde uly üstünlik gazandylar. Ýurdumyza wekilçilik eden okuwçylar bäsleşikde 6 altyn we 4 kümüş medal eýelediler.
«IWIS» halkara bäsleşigi ýaşlaryň intellektual derejesini, döredijilik ukybyny we ylmy-tehniki ugurlardaky başarnyklaryny ýüze çykarmaga gönükdirilendir. Onda STEM, maglumat tehnologiýalary, robototehnika, inženerçilik we beýleki ugurlar boýunça ýaşlaryň innowasion taslamalary hödürlenýär.
Türkmen toparynyň düzüminde Arkadag şäheriniň we Aşgabat şäheriniň bilim edaralaryndan 10 okuwçy çykyş etdi. Olara Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymy M. Sähetgulyýew hem-de Aşgabat şäherindäki 97-nji orta mekdebiň mugallymy G.Baýramow ýolbaşçylyk etdiler.
Bäsleşikde ýokary netijeleri görkezen türkmen okuwçylarynyň arasynda Aşgabat şäherindäki 97-nji orta mekdebiň okuwçylary Resulberdi Orazberdiýew, Salyh Kakalyýew, Resul Geldiýew, Aşgabat şäherindäki 7-nji orta mekdebiň okuwçysy Selim Begmuradow we beýleki zehinli ýaşlar bar.
Şeýle-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň okuwçysy Mälikmyrat Annamuradow altyn medala mynasyp boldy. Birnäçe okuwçy kümüş medallary eýelediler.
Türkmen ýaşlarynyň bu halkara üstünlikleri ýurtda ylym-bilim ulgamynyň, innowasiýanyň we ýaş nesliň döredijilik mümkinçilikleriniň ösdürilýändigini ýene-de bir gezek görkezýär.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.