Garyşyk başa-baş söweş sungaty (MMA) boýunça türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi diýlip yglan edildi.

Bu habar BMG-niň Baş Assambleýasynyň binasynda geçirilen dabaraly çäräniň dowamynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajyýew tarapyndan mälim edildi.

Döwletjan Ýagşymyradow MMA ugrunda 26 ýeňiş gazanan belli türgenleriň biridir. Şeýle hem Russiýanyň MMA söweşijisi Aleksandr Wolkow hem Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi wezipesine mynasyp boldy.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

BMG-niň Dostluk oýunlary halkara derejede dostlugy, hyzmatdaşlygy we sport arkaly parahatçylygy ösdürmegi maksat edinýän çäreleriň biridir. Bu oýunlar her ýyl geçirilýär we dünýäniň dürli ýurtlarynyň türgenlerini, diplomatlaryny hem-de jemgyýetçilik wekillerini bir ýere jemleýär.

«THE ASHGABAT TIMES».