Türkmen sporty üçin ýene-de bir möhüm waka: ýaş türgen Mähri Atamuradowa Hytaý Halk Respublikasynda ýerleşýän dünýä belli «Maling Shaolin Kung Fu Academy» akademiýasynda okuw-türgenleşik lagerine gatnaşýan ilkinji türkmenistanly ýaş zenan türgen boldy.

2011-nji ýylyň 2-nji awgustynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde doglan Mähri Atamuradowa sport ýoluna 3 ýaşynda başlap, ýaşlykdan söweş sungatlaryna uly gyzyklanma görkezdi. Ilkinji tälimçisi Malika Zakirowa oňa bu sport görnüşiniň inçe tilsimlerini öwretdi. Soňra ýaş türgen kikboks boýunça Türkmenistanyň birnäçe gezek çempiony, tejribeli tälimçiler Ýusup Haitowyň we Merdan Mämedowyň ýolbaşçylygynda sport ussatlygyny has-da kämilleşdirdi.
Häzirki wagtda Mähri 42, 45 we 47 kilogram agram derejelerinde Türkmenistanyň çempiony bolup, halkara derejesinde hem üstünlikli çykyş edýär. 2025-nji ýyldan bäri Hytaýda bilim alýan ýaş türgen şol ýylyň dowamynda boks we Muay Thai boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen çempionatlarynda ýeňiş gazanyp, özüni sport ussat hökmünde tanatdy.
2026-njy ýylyň 15-nji iýulyndan 15-nji sentýabry aralygynda Mähri Atamuradowa dünýäniň 50-ä golaý döwletinden türgenleriň gatnaşýan «Maling Shaolin Kung Fu Academy» akademiýasynda ýörite okuw-türgenleşik lagerine gatnaşýar. Bu waka türkmen ýaşlarynyň halkara sport meýdançasyndaky abraýyny ýokarlandyrmakda möhüm ädimdir.

Mähri Atamuradowanyň bu üstünligi ýaş türkmen türgenleri üçin uly görelde bolup, Türkmenistanyň sport taryhynda täze sahypalaryň birini açýar. Ýaş türgenimize täze üstünlikleri arzuw edýäris!




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.