Türkmenistanda birnäçe ýyl dowam eden diplomatik işini tamamlap, ýurduň jemgyýeti bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýan Germaniýanyň Türkmenistandaky Ilçisi Bernd Haýnse we onuň ýanýoldaşy dr. Petia Haýnse ýurdumyzy terk etmezden ozal türkmen halkyna mähirli ýüzlenme bilen ýüz tutdylar.

Diplomatlar öz çykyşlarynda Türkmenistanda geçen ýyllaryň olaryň durmuşynda aýratyn orun eýeleýändigini nygtap, halkyň mähirli garşy alşyna, goldawyna hem-de döredilen ýatdan çykmajak tejribä çuňňur minnetdarlyk bildirdiler.

“Türkmenistan bize eziz ýurt boldy”

Ýüzlenmede şeýle sözler beýan edildi:

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

“Bizi mähir we söýgi bilen gurşap alan hem-de bu ýerdäki geçiren wagtymyzy ýatdan çykmajak tejribä öwren her bir adama minnetdarlygymyzy bildirýäris. Türkmenistan bize örän eziz bolany üçin, ony terk etmek ýeňil däl, biz ony hiç haçan ýatdan çykarmarys.”

Diplomatlar türkmen halkyna öz ýurtlarynyň baý mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmegi arzuw edip, ýurduň ýolbaşçylarynyň raýatlaryň bähbitlerine degişli meselelerde kanagatlandyryjy çözgütleri berjaý etmeginiň möhümdigini bellediler.

“Görüşýänçäk”

Bernd Haýnse we dr. Petia Haýnse ýüzlenmesini geljekde ýene-de Türkmenistana dolanyp gelmek arzuwy bilen jemlediler:

“Biz Siziň ajaýyp ýurduňyza haçan-da bolsa gaýdyp geleris diýip umyt edýäris. Häzirlikçe bolsa görüşýänçäk.”

Diplomatlaryň bu sözleri olaryň Türkmenistana bolan mähirli garaýşynyň hem-de bu ýurtda geçen ýyllaryň aýratyn ähmiýetiniň nobatdaky subutnamasy hökmünde kabul edildi.