«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, ýurdumyzda importyň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmek, içerki bazary ýokary hilli ýerli önümler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde täze önümçilik ugurlary ýola goýulýar. Şolaryň biri hem Türkmenistanda ilkinji gezek sowadyjylaryň önümçiliginiň ýola goýulmagydyr.
«Gyrawlysuw» hojalyk jemgyýeti tarapyndan «LORS» haryt nyşanly sowadyjylaryň köpçülikleýin önümçiligi ýola goýuldy. Bu önümçilik ýurdumyzyň hususy pudagynyň täze mümkinçiliklerini görkezýän möhüm taslamalaryň biri bolup durýar.
Hojalyk jemgyýeti tarapyndan geçen ýylyň sentýabrynda Mary etrabynyň Peşanaly şäherçesinde 0,78 gektar meýdanda döwrebap önümçilik binasy gurlup, häzirki wagtda bu ýerde söwda nokatlaryna, edara-kärhanalara hem-de şahsy hojalyklara niýetlenen ýerli sowadyjylaryň 7 görnüşi öndürilýär.
Önümçilik toplumynda Hytaý we Eýran ýaly ýurtlaryň öňdebaryjy sanly ulgama esaslanýan täzeçil tehnologiýalary ornaşdyryldy. Bu ýerde zähmet çekýän hünärmenler müşderileriň isleglerine laýyklykda dünýä ülňülerine gabat gelýän, döwrebap dizaýnly, ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli we dürli göwrümli sowadyjylary öndürýärler.
Ýerli sowadyjylaryň arasynda aýnaly, ýapyk görnüşli, dürli reňkli we dürli göwrümli önümler bar. Olar amatlylygy, ygtybarlylygy we häzirki zaman talaplaryna laýyklygy bilen tapawutlanýar.
«Gyrawlysuw» hojalyk jemgyýetiniň işgärleri önümçilik tehnologiýalaryny kämilleşdirmek maksady bilen daşary ýurtlarda guralýan okuw saparlaryna gatnaşyp, öňdebaryjy tejribeleri öwrenýärler.
Türkmenistanda ilkinji gezek sowadyjylaryň önümçiliginiň ýola goýulmagy ýurdumyzyň senagat kuwwatynyň artmagyna, hususy pudagyň ösüşine, täze iş orunlarynyň döredilmegine hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan milli önümleriň sanynyň köpelmegine möhüm goşant goşýar.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.