Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde beýan edildi.
Gahryman Arkadagymyz Geýdar Aliýew adyndaky gazna bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bilelikde guramagynda şu ýylyň 19-njy oktýabry — 30-njy noýabry aralygynda ýurdumyzda “Ene — tebigat” atly halkara serginiň geçiriljekdigini we muňa häzirden taýýarlyk görülýändigini aýdyp, bu çäräniň iki gaznanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berjekdigini belledi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary barada-da pikir alşyldy.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.