Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly elde dokalan halyny döretdi. Taslama Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky dostlugyň nyşany hökmünde amala aşyryldy.

Ölçegi 2 x 1,5 metr bolan halyda ussat halyçylar Lukomorýäni, Altyn horazy, «Patyşa Soltan hakyndaky ertekiniň» gahrymanlaryny we beýik şahyryň eserlerinden beýleki belli keşpleri şekillendirdiler.

Bu haly Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda döredildi we bu biziň üçin uly buýsançdyr. Ol diňe bir amaly-haşam sungatynyň eseri däl, eýsem, medeni diplomatiýanyň özboluşly görnüşi hem-de rus medeniýetine we onuň baky gymmatlyklaryna goýulýan çuňňur hormatyň nyşanydyr. Taslamanyň aýratyn manysy onuň türkmen zenan halyçylary tarapyndan dokalanlygydyr. Bu medeniýetiň halklary birleşdirýändiginiň aýdyň mysalydyr.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

«THE ASHGABAT TIMES».