Ýewropa Komissiýasynyň Energetika howpsuzlygy we halkara gatnaşyklary bölüminiň direktory Kristia Pobíl Borrera bilen Türkmenistanyň ÝB-däki ilçisi Palwanow duşuşyk geçirdi.
Brýusselde geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň energetika ugry boýunça hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar energiýa howpsuzlygy, ugurdaş infrastruktura, şeýle hem klimat gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Söhbetdeşligiň dowamynda institusional hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri, bilelikdäki taslamalaryň mümkinçilikleri we amaly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlary boýunça hem anyk teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar häzirki wagtda hereket edýän dialog mehanizmleriniň ähmiýetini aýratyn nygtap, olaryň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegine taýýardyklaryny beýan etdiler. Şeýle hem taraplar ýokary derejeli yzygiderli duşuşyklary dowam etdirmegiň we özara gyzyklanmalara laýyklykda geljegi nazarlaýan konstruktiw dialogy saklamagyň möhümdigini tassykladylar.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.