Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow 3-nji dekabrda Meşhedde täze bellenen Oman ilçisi (Ankarada ýerleşýän) Saif Bin Raşid Bin Saif Al-Jahwari bilen duşuşdy. Diplomatlar döwletara hyzmatdaşlygyň ösmegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ahmet Gurbanow we Saif Bin Raşid Bin Saif Al-Jahwari syýasy-diplomatik ugurda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Şu nukdaýnazardan, olar 2025-nji ýylda daşary syýasat edaralarynyň derejesinde özara saparlary guramagyň mümkinçiliklerini gözden geçirdiler.
Taraplar söwda-ykdysady ugurda hyzmatdaşlygyň ösmegine gyzyklanma bildirdiler. Gepleşikde nebit-gaz pudagynda, oba hojalygynda, dokma senagatynda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, "Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman" halkara transport-tranzit geçelgesiniň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň zerurdygyny nygtadylar.
Mundan başga-da, diplomatlar bilelikdäki çäreleri, şol sanda işewürlik forumlaryny, sergileri, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni aragatnaşyklary ýola goýmagy, özara Medeniýet günlerini geçirmegi ara alyp maslahatlaşdylar.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.