Gazagystan ulag-kommunikasiýa ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak çäklerinde Türkmenistan bilen serhetde gözegçilik-geçiriş nokatlaryny döwrebaplaşdyrýar.
Gazagystan tarapynyň serhet geçelgelerinde geçiriş ukybyny alty esse ýa-da günde 170-den 960 awtomobile çenli artdyrmagy meýilleşdirýär. Döwrebaplaşdyrma serhetden geçiş wagtyny 30 minutdan azaldar.
Mundan başga-da, Türkmenistan-Gazagystan serhedindäki geçelgeleriň işini gowulandyrmak maksatnamasy awtomatlaşdyrylan elektron nobat ulgamyny ornaşdyrmagy göz öňünde tutýar. Bu, serhet geçelgelerinde we iki goňşy respublikany baglanyşdyrýan ýollaryň ugrunda ulaglaryň üýşmeginiň öňüni almaga kömek eder.



Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.