Türkmenistanyň milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň 27-nji iýunyndan 5-nji iýuly aralygynda Taýlandyň Pattaya şäherinde geçiriljek U15 we U20 ýaş derejelerindäki Aziýa çempionatyna gatnaşjak düzüm bilen kesgitlenildi. Kontinental birinjilik erkin göreş we grek-rim göreşi boýunça geçiriler, türkmen pälwanlary bolsa iki ýaş toparynda hem birnäçe agram derejelerinde çykyş eder.


U15 ýaş toparyndaky erkin göreş boýunça Türkmenistanyň adyndan Ybraýym Durdyýew (38 kg), Atajan Babaýew (41 kg), Hemra Halmyradow (44 kg), Osman Mekanow (48 kg), Selim Şajanow (57 kg), Idris Melejaýew (68 kg) we Ýagmyr Welsahatow (75 kg) göreşer. U20 toparynda bolsa Selimgeldi Amangeldiýew (57 kg), Azatberdi Aşyrgulyýew (61 kg), Bagtyýar Annaýew (70 kg), Arslan Azymberdiýew (74 kg), Watan Annaorazow (79 kg), Alp Arslan Begenjow (86 kg), Döwletgeldi Myradow (92 kg) hem-de Süleýman Musagulyýew (125 kg) medallar ugrunda bäsleşer.

Grek-rim göreşinde U15 toparynda Muhammet Ulugbekow (57 kg), Mamed Kuliýew (68 kg) we Muhammetaly Orazow (85 kg), U20 toparynda bolsa Nuryagdy Dowranow (55 kg), Wepa Nepesow (60 kg), Husniddin Ulugbekow (63 kg), Kemal Kakabaýew (67 kg), Kemal Berdiliýew (77 kg) hem-de Aslan Agadadaýew (130 kg) ýurda wekilçilik eder.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy


Pattaya şäherindäki Aziýa çempionaty yklymyň iň iri ýaşlar ýaryşlarynyň biri bolup, Bütindünýä Göreş Bileleşiginiň (UWW) howandarlygynda geçiriler. Taýlanda Aziýanyň onlarça döwletinden geljek zehinli pälwanlaryň gatnaşmagyna garaşylýar we bu ýaryş geljekki halkara synaglaryna taýýarlyk görýän ýaş türgenler üçin möhüm basgançak hasaplanylýar.