2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary N. Atagulyýewiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň Müdirýetiniň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistan – Türkiýe Işewürler Geňeşiniň türk böleginiň başlygy S. Gömdeniziň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda işewürlik hyzmatdaşlygynyň  häzirki ýagdaýy, özara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar işewür toparlaryň arasynda göni gatnaşyklary giňeltmegiň, maýa goýum işjeňligini artdyrmagyň hem-de hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmagyň möhüm ähmiýetini bellediler.

Şeýle-de duşuşykda Türkmenistan – Türkiýe Işewürler Geňeşiniň işiniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýändigi nygtaldy. Taraplar geljekde hem bu ugurda hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine gyzyklanma bildirdiler.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy