2026-njy ýylyň 26-njy iýunynda Filippinleriň Manila şäherinde sambo boýunça Aziýa we Okeaniýa çempionatynyň ýaşlar arasynda geçirilen ýaryşynyň 2-nji gününiň netijeleri yglan edildi.
Türkmenistanyň türgenleri ýokary taýýarlyk derejesini ýene bir gezek subut edip, milli ýygyndynyň medal gaznasyna altyn, kümüş we bürünç medallary goşdular.
Ikinji günüň ýeňijileri we baýrakly orun eýeleri:
Sport sambosy (ýetginjekler):
- 58 kg — Bürünç medal: Ilşat Dowranow.
- 79 kg — Altyn medal: Jasur Dowrankulyýew.
Söweş sambosy (ýetginjekler):
- 58 kg — Altyn medal: Alyhan Aýdogdyýew.
- 71 kg — Bürünç medal: Aýmuhammet Gatyýew.
- 79 kg — Altyn medal: Huseýin Begenjow.
- 88 kg — Kümüş medal: Myratgeldi Myradow.
Türkmenistanyň türgenlerini we olaryň tälimçilerini Aziýa we Okeaniýa sambo çempionatynda gazanan ajaýyp üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.