Türkmenistan Hytaýyň turba geçiriji arkaly tebigy gaz üpjünçiliginde öňdebaryjylygy eýeleýär. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligine salgylanyp, TASS habarlar gullugy 20-nji iýunda habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Hytaý şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda umumy bahasy 4 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan türkmen gazyny import etdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça uzaýan üç sany gaz geçirijisi arkaly Türkmenistan öz ýangyjyny Hytaýa eksport edýär. Turba geçiriji ulgamy ýylda 55 milliard kub metr gaz daşamaga mümkinçilik berýär.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Hytaý 2024-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda jemi bahasy 2,4 milliard ABŞ dollaryna deň bolan türkmen tebigy gazyny import edipdi.