2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Pariž şäherinde Halkara Sergiler Býurosynyň (BIE) Baş Assambleýasynyň 177-nji sessiýasy geçirildi. Çärä Türkmenistanуň BIE-niň ýanyndaky wekili, Ilçi M. Çaryýew gatnaşdy. Assambleýanyň mejlisinde resmi gün tertibine girizilen möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we tassyklanyldy.
Forumda Administratiw-býujet komitetiniň, ýerine ýetiriji komitetiň, düzgün-komitetiniň, maglumat we aragatnaşyk komitetiniň hasabatlary, şeýle hem 2025-nji ýylda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilen Bütindünýä sergisiniň we 2025-nji ýylda Milan şäherinde geçirilen Triennaleniň jemleýji hasabatlary diňlenildi. Mundan başga-da, 2027-nji ýylda Belgrad we Ýokohama şäherlerinde geçiriljek ýöriteleşdirilen sergilere taýýarlyk boýunça hasabatlar hödürlendi.

Saýlawlaryň dowamynda Türkmenistan BIE-niň Administratiw-býujet komitetiniň agzalygyna 2026–2027-nji ýyllar boýunça iki ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu BIE agza döwletleriniň Türkmenistan bolan ynamynyň tassyklanylýandygyny we ýurdumyzy guramanyň çägindäki institusional derejesiniň üstüni ýetirýändigini görkezýär.
Sessiýanyň çäginde Türkmenistanyň Ilçisiniň BIE-niň Baş sekretary Dimitri Kerkentzes bilen iş duşuşygy geçirildi. Baş sekretar Türkmenistany Administratiw-býujet komitetine gaýtadan saýlanylmagy bilen mähirli gutlap, Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň BIE bilen hyzmatdaşlyga berýän ünsüne minnetdarlyk bildirdi, şeýle hem Türkmenistanyň guramanyň işindäki işjeň gatnaşygyny aýratyn belledi.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.