2024-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy topary Dünýä çempionaty – 2026-nyň hem-de Aziýanyň Kubogy – 2027-niň saýlama tapgyrynyň «Е» toparçasyndaky jemleýji oýnuny geçirdi. Türkmen futbolçylary ak eşikde, myhmanlar bolsa gyzyl köýnekçede çykyş etdiler.

Türkmen paýtagtynyň «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçen duşuşyk deňme-deň ýagdaýda tamamlandy.

Duşuşyga stadionda 10 000-den hem gowrak janköýeriň tomaşa edendigini bellemek gerek.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Oýnuň netijesinde türkmen tälimçisi Mergen Orazowyň tälim berýän ýygyndysy toplan 2 utugy bilen goşmaça görkezijiler boýunça (geçirilen hem-de goýberilen gollaryň aratapawudy) Gonkongyň ýygyndy toparyndan (2 ball) öňe geçdi we öz toparçasynyň üçünji ornuna gadam urdy.