«Bedew bady: güýç hem gözellik» atly bäsleşige gatnaşmaga Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlardan awtorlar çagyrylýar. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistan GDA-da başlyklyk edýär. Onuň bu wezipedäki işleriniň maksatlarynyň biri-de dostlukly halklaryň arasynda medeni, taryhy, ynsanperwer we sport gatnaşyklaryny ösdürmekden ybaratdyr.
Bäsleşige telekompaniýalar hem-de islendik ýaşdaky garaşsyz awtorlar gatnaşyp bilerler. Filmler rus ýa-da iňlis dilindäki terjime ýazgylarynyň (subtitr) görkezilmegi bilen islendik dilde bolup biler.
Bäsleşige dowamlylygy 15 — 30 minut bolan, tohum atlaryň taryhyna, atyň GDA agza ýurtlaryň halklarynyň medeniýetindäki ornuna we atçylyk sportuna bagyşlanan işler kabul edilýär. Bu barada milli metbugatda habar berildi.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.