AŞGABAT (HZG habarlary) – Pagta ýygym möwsüminiň öňüsyrasynda, Halkara Zähmet Guramasy (HZG) tarapyndan çaga we mejbury zähmetiň öňüni almak üçin geçirilen üç aýlyk wagyz-nesihat çärelerine Türkmenistanyň 35 etraplaryndan 1500 töweregi adam gatnaşdy.

HZG tarapyndan milli hyzmatdaşlar bilen bilelikde we Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) maliýe goldawy bilen guralan bu başlangyç 15 sany milli we ýerli çäreleri öz içine aldy. Olar 12-nji iýunda, Bütindünýä çaga zähmetine garşy göreş gününde başlanyp, 2026-njy ýylyň 12-nji awgustyna çenli dowam etdi. Maksatnama başlangyç mümkinçilikleri ösdürmek boyunça okuw maslahatyny, welaýatlarda we etraplarda geçirilen 13 sany habar beriş çäresini hem-de jemleýji seminary öz içine aldy. Ýerli çäreler Tejende, Gökdepede, Ak bugdaýda, Kerkide, Saýatda, Türkmenabatda, Maryda, Ýolötende, Baýramalyda, Daşoguzda, Akdepede, Köneürgençde we Gyzylarbatda geçirildi hem-de goşmaça 20 etrabyň wekillerini bir ýere jemledi.

Çärelere ýerli häkimiýetleriň, ministrlikleriň, bilim we saglygy goraýyş edaralarynyň, daýhan birleşikleriniň, iş berijileriň we işgärleriň guramalarynyň hem-de beýleki gyzyklanýan taraplaryň wekilleri gatnaşdy.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Sessiýalarda çaga zähmetini we mejbury zähmeti nähili tanamalydygy we olaryň öňüni nähili almalydygy esasy üns merkezinde boldy. Gatnaşyjylar çagalar üçin rugsat berilýän ýeňil iş bilen Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilen çaga zähmetiniň arasyndaky tapawudy, şeýle hem çagalary her ýylky pagta ýygymyna çekmegiň kanun tarapyndan gadagan edilendigini ara alyp maslahatlaşdylar.

Çärelerde pagta ýygymy döwründe mejbury işe çekmek tejribesini aradan aýyrmak we onuň öňüni almak boýunça Hökümet tarapyndan görülýän çäreler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Ähli işleriň meýletin, jeza howpy bolmazdan ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň ähmiýeti, şeýle hem milli kanunçylygyň degişli kadalary aýratyn nygtaldy.

«Habardarlygy ýokarlandyrmak öňüni almagyň amaly guralydyr. Taslamamyz milli tejribäni ýerli jemgyýetlere we işgärlere ýetirmek arkaly şu wajyp habaryň düşnükli we yzygiderli bolmagyna ýardam etdi: çagalar howply işlerden goralmaly, ulular bolsa meýletin, adalatly we howpsuz şertlerde zähmet çekmelidir», – diýip, HZG-niň Türkmenistandaky taslama dolandyryjysy Oksana Lipkanu aýtdy.

Çäreler Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň agzalary hem-de degişli ministrlikleriň we döwlet edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde geçirildi. Gatnaşyjylar habar beriş-düşündiriş işleriniň dowam etdirilmelidigi, amaly materiallaryň bolsa işlenip taýýarlanylmalydygy we ýaýradylmalydygy barada ylalaşdylar.

Bu çäreler 2026–2027-nji ýyllarda durmuşa geçirilýän, ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän HZG taslamasynyň çäginde geçirilýär. Taslama milli derejedäki syýasat goldawyny ýerli derejedäki amaly çäreler bilen utgaşdyryp, mynasyp zähmeti ilerletmegi we, hususan-da, Türkmenistanyň pagta pudagynda çaga zähmetiniň we mejbury zähmetiň öňüni almagy maksat edinýär.