Türkmenistanyň Prezidentiniň il-ýurt bähbitli milli maksatnamalaryny we halkara başlangyçlaryny amala aşyrmak bilen bagly işleri döwrüň talaplaryna laýyklykda hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) düzüm birlikleri bilen amala aşyrylýan taslamalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk ulgamy esasda alyp barmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy strategik maslahat beriş geňeşi döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.