Türkmen türgeni Maýsa Pardaýewa Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Bator şäherinde dzýudo boýunça geçirilen «Uly tuwulga» ýaryşynda üstünlikli çykyş edip, zenanlaryň arasynda 57 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medala mynasyp boldy.
Ýaryşyň dowamynda ildeşimiz dünýäniň iň güýçli pälwanlaryndan asgyn gelmedi. Ol deslapky tapgyrlarda ýaşlaryň arasynda dünýäniň wise-çempiony Dana Abdirowany (Gazagystan), «Pariž — 2024» Olimpiadasynyň kümüş medalçysy Mimi Huhy (Koreýa) we Ýewropanyň çempiony Timna Nelson-Lewini (Ysraýyl) ýeňmegi başardy.
Ýarym finalda bu agram derejesiniň altyn medalçysy, ýaponiýaly Akari Omoriden sähelçe utuk bilen utulan Maýsa, üçünji orun ugrunda geçirilen tutluşykda bolsa «Uly tuwulgalarda» dört altyn medaly bolan Ýewropanyň çempiony, fransiýaly Faiza Mokdary ýeňlişe sezewar etdi.
Bu üstünlik Maýsanyň 2026-njy ýyldaky ilkinji, karýerasynda bolsa «Uly tuwulga» ýaryşlaryndaky ikinji bürünç medalydyr. Türgenimiz mundan ozal 2024-nji ýylyň martynda Antalýa «Uly tuwulgasynda» hem bürünç medal gazanypdy.
Her bir üstünligi «Olimpiýa oýunlary — 2028-e» gatnaşmaga bolan mümkinçiligi artdyrjak «Uly tuwulgalar» dowam edýär. Milli ýygyndymyzda bolsa Maýsa Pardaýewa ýaly medal gazanyp biljek ezber dzýudoçylaryň 15-den gowragy bar.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.