Türkmen tennisiniň ýaş ýyldyzy, 14 ýaşly Aly Geldiýew Gazagystanyň Almaty şäherinde geçiriljek «Roland-Garros Junior Series by Renault Qualification for West and Central Asia» halkara saýlama ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazandy.
Türkmenabatly türgen bu abraýly bäsleşikde üstünlikli çykyş etmek arkaly Aziýa reýtingindäki ornuny ýokarlandyrmak we Ýaponiýada geçiriljek final tapgyryna gatnaşmak mümkinçiligi üçin göreşer.
Aly Geldiýew häzirki wagtda Meýlis Orazmuhammedow bilen Ýuriý Rogusskiniň tälim bermeginde taýýarlyk görýär. Ol 2024-nji ýylda Dohada geçirilen ATF U14 ýaryşynda kümüş medal, 2025-nji ýylda bolsa ITF World Junior U14 we ATF 14&Under ýaryşlarynda ýeňiş gazandy.
14 ýaşynda Türkmenistanyň çempiony bolan ýaş tennisçi bu üstünligi gazanan iň ýaş türgen hökmünde milli sport taryhyna girdi.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.