Ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda iňlis dili boýunça III halkara olimpiada (IIOE – 2024) geçirildi. Oňa dünýäniň ýurtlaryndan iki müňe golaý talyp gatnaşdy. Bu çäre institutyň sanly platformasynda döwrebap tehnologiýalar esasynda guralyp, dalaşgärlere 1 sagat 30 minudyň dowamynda meseleleriň 10-syny çözmek tabşyryldy. Netijede, talyplaryň 281-si bäsleşigiň ýeňijisi boldy, şolardan 181-si türkmen ýaşlarydyr.
Türkmen talyplary bäsleşikde şowly çykyş edip, 11-si birinji, 62-si ikinji, 108-si bolsa üçünji derejeli Diplomlara mynasyp boldy. Bu bäsleşik ýaşlaryň aragatnaşyk ukyplaryny ýüze çykarmaga we dünýäniň bilim ojaklary bilen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge täze badalga berdi.
“Bilim” žurnaly.



Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.