2026-njy ýylyň 21-nji iýun – 13-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň (TTwII) talyplary we mugallymlary Rumyniýanyň öňdebaryjy inženerçilik merkezleriniň biri bolan Kluj-Napoka tehniki uniwersitetinde (UTCN) halkara tejribelik maksatnamasyna gatnaşýarlar. Iki ýokary okuw mekdebiniň arasyndaky özara ylmy-akademiki hyzmatdaşlyk şertnamalarynyň çäklerinde guralýan bu tomusky tejribelik, talyplaryň sanly tehnologiýalar baradaky nazary bilimlerini amaly taýdan berkitmeklerine uly ýardam berer.

Bu tejribelik maksatnamasynyň baş maksady — türkmen talyplarynyň dünýä derejesindäki innowasion tehnologiýalar, emeli aň ulgamlary, maglumat howpsuzlygy we telekommunikasiýa ulgamlary boýunça tejribelerini kämilleşdirmekdir.

Talyplar uniwersitetde döredilen ýörite maksatnama boýunça amaly okuwlara gatnaşýarlar. Tejribelik esasan şu aşakdaky ugurlara gönükdirilendir:

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy
  • Emeli aň (AI) we Data Science: Maglumatlary uly göwrümde seljermek, maşyn arkaly öwrenmek (Machine Learning) algoritmlerini işläp taýýarlamak.
  • Akylly tehnologiýalar (Smart Technologies): "Akylly şäher" (Smart City) we "Internet of Things" (IoT) ulgamlarynyň programma üpjünçiligini synagdan geçirmek.
  • Kiberhowpsuzlyk: Maglumat we aragatnaşyk torlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmegiň kämil usullaryny öwrenmek.

Rumyniýanyň Kluj-Napoka tehniki uniwersitetinde geçirilýän tomusky tejribelik TTwII-niň talyplary üçin bahasyna ýetip boljak uly tejribe mekdebi bolar. Maksatnamanyň dowamynda talyplar halkara standartlara laýyk gelýän tehnologik taslamalar bilen tanyşarlar we özleriniň professional taýýarlyk derejesini kämilleşdirirler.