Türkmenistanyň grek-rim we erkin göreş boýunça milli ýygyndysy 27-nji iýun — 5-nji iýul aralygynda Taýlandyň Pattaiýa şäherinde geçiriljek U15 we U20 ýaş derejelerindäki Aziýa çempionatyna gatnaşar. Milli toparyň düzümine Birleşen Bütindünýä Göreş Guramasy (UWW) tarapyndan ýaryşa hasaba alnan pälwanlar girýär.

Yklym birinjiliginiň öňüsyrasynda türkmen türgenleri Russiýa Federasiýasynyň Dagystan Respublikasynda jemleýji okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýärler. Bu döwürde topar fiziki we tehniki taýýarlygyny has-da kämilleşdirmäge üns berýär.

Aziýa çempionatyna gatnaşmak türkmen pälwanlary üçin halkara arenasynda öz mümkinçiliklerini görkezmek we grek-rim hem-de erkin göreş boýunça ýokary netijeler ugrunda göreşmek üçin möhüm mümkinçilik bolar.