"Şabat” türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagy üsti arkaly şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda amala aşyrylan söwdanyň netijesinde Özbegistana 1 müň 700 tonnadan gowrak haryt eksport edildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet Gümrük gullugynyň resmi metbugaty habar berýär.
Şeýle-de türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynda 60 müňe golaý Özbegistanyň raýatynyň söwda amala aşyrandygy hasaba alyndy.
Mundan başga-da, degişli döwürde “Şabat” türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyndan Türkmenistana 250 tonnadan gowrak haryt import edildi.
“Şabat” türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagy 2025-nji ýylyň noýabr aýynda işe girizildi. Bu serhetýaka söwda zolagynyň üsti bilen amala aşyrylýan söwda dolanyşygy ähli gümrük paçlaryndan we beýleki töleglerden boşadylýar.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.