1 — 5-nji awgust aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde karate-do boýunça Merkezi Aziýanyň çempionaty geçirildi. 420-den gowrak türgeniň gatnaşan iri ýaryşynda Türkmenistanyň milli we ýaşlar ýygyndy toparlarynyň wekilleri üstünlikli çykyş edip, 4 altyn, 7 kümüş we 10 bürünç — jemi 21 medal gazandylar.
Çempionatyň ilkinji gününde kata görnüşi boýunça geçirilen bäsleşiklerde türkmen karateçileri 1 altyn, 1 kümüş we 2 bürünç medala mynasyp boldular. Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki 18-nji orta mekdebiň okuwçysy Muhammetresul Haýrullaýew 14 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda çempion boldy. Aşgabat şäherindäki 52-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň okuwçysy Allanur Ýalkabow 16-17 ýaşly ýetginjekleriň arasynda kümüş medal gazandy. Baýramaly şäherinden Musa Gurbanow bilen Şirmuhammet Garymyradow bolsa 10-11 ýaşlylaryň arasynda bürünç medallara eýe boldular.
Ýaryşyň ikinji gününde kumite görnüşinde geçirilen tutluşyklarda türkmenistanly türgenleriň üstünlikleriniň üsti täze medallar bilen ýetirildi. Aşgabat şäherindäki 42-nji orta mekdebiň okuwçysy Safiýa Nazarowa 12-13 ýaşly gyzlaryň arasynda 47 kilograma çenli agram derejesinde ähli garşydaşlaryndan üstün çykyp, altyn medal gazandy. Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki 4-nji orta mekdebiň okuwçysy Leýli Hommatmyradowa hem 10-11 ýaşly gyzlaryň arasynda 36 kilograma çenli agram derejesinde hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdy.
Şol gün Emir Gurbanow, Gülaýym Döwletowa hem-de Babageldi Myradow kümüş medallara mynasyp boldular. Şamuhammet Hojaýew, Kasym Hallyýew, Muhammetaly Atdaýew we Anara Baratowa bolsa öz ýaş hem-de agram derejelerinde üçünji orny eýeläp, milli ýygyndymyzyň medal gaznasyny baýlaşdyrdylar.
Çempionatyň jemleýji gününde türkmen karateçileri ýene-de 1 altyn, 3 kümüş we 4 bürünç medal gazandylar. Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 61-nji orta mekdebiň okuwçysy Alymuhammet Kakalyýew 14-15 ýaşly ýetginjekleriň arasynda 63 kilograma çenli agram derejesinde iň güýçli türgen boldy. Şol ýaş we agram derejesinde Remezan Gurbanow kümüş medala mynasyp boldy.
16-17 ýaşlylaryň arasynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndan Gurbannazar Amandurdyýew 55 kilograma çenli, Aşgabat şäherinden Diana Gorinowa bolsa 66 kilograma çenli agram derejelerinde kümüş medallary gazandylar. Remezan Orazmämmedow, Nurana Amandurdyýewa hem-de Annaoraz Azadow öz agram derejelerinde bürünç medallara eýe boldular. Ýene bir bürünç medaly uly ýaşly türgenleriň arasynda 84 kilogramdan ýokary agram derejesinde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň 5-nji ýyl talyby Arslan Babanazarow gazandy.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.