Türkmen hünärmenleri Gazagystanda geçiriljek emeli aň tehnologiýalaryndan peýdalanylyp döredilen filmleriň ilkinji halkara festiwaly — «Astana AI Film Festival 2026» (AAIFF 2026) gatnaşmaga çagyrylýar.

Festiwal emeli aň ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, täze döredijilik mümkinçiliklerini açmaga we häzirki zaman tehnologiýalarynyň kino önümçiligindäki ornuny ösdürmäge gönükdirilendir.

«AAIFF 2026» festiwalynyň esasy bäsleşik temasy «Ýaşamaga mynasyp geljek» diýlip atlandyrylýar. Gatnaşyjylar emeli aň tehnologiýalarynyň kömegi bilen döredilen, geljege bolan garaýyşlary beýan edýän gysga metražly filmleri hödürläp bilerler.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Bäsleşik bäş ugur: iň gowy režissýorlyk işi; iň gowy wizual dil; iň täsirli hekaýa; iň gyzykly konsepsiýa; keşpleriň iň gowy işlenişi ýaly ugurlar boýunça geçiriler.

Bäsleşigiň esasy şertine laýyklykda, gatnaşyjylar dowamlylygy 10 minutdan geçmeýän «Full AI» görnüşindäki gysga metražly filmleri hödürlemeli. Festiwalyň baýrak gaznasynyň umumy möçberi 1 million ABŞ dollaryna deňdir.

Festiwala hödürlenen eserler halkara bilermenlerden, režissýorlardan, prodýuserlerden we döredijilik tehnologiýalary boýunça hünärmenlerden ybarat eminler tarapyndan bahalandyrylar. Deslapky saýlama tapgyrynda emeli aň esasly baha beriş ulgamlaryny ulanmak mümkinçiligi hem göz öňünde tutulýar.

Netijede, iň gowy 25 film saýlanyp, olaryň 10-sy esasy bäsleşik, 15-si bolsa açyk bäsleşik bölümlerinde görkeziler.

Festiwala gatnaşmak üçin arzalar 2026-njy ýylyň 15-nji awgustyna çenli kabul edilýär. Filmleriň görkezilişi we ýeňijileri sylaglamak dabarasy 2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryndan 1-nji oktýabryna çenli Astanada geçiriljek «Astana AI Week» hepdeliginiň çäklerinde guralar. Türkmen wekilleriniň bu halkara festiwala gatnaşmagy ýurdumyzyň hünärmenlerine emeli aň ulgamyndaky tejribelerini halkara derejesinde görkezmäge, daşary ýurtly döredijilik toparlary we tehnologiýa kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilik berer.

«THE ASHGABAT TIMES».