Ministrler Kabinetiniň 28-nji awgustda geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti 2-nji sentýabrda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýurdumyzyň ýaşlary, talyplary we okuwçylary bilen möhüm ähmiýetli umumy sapagyň geçiriljekdigini belledi hem-de baýramçylyk mynasybetli ýolbaşçylaryň her biriniň jogap berýän ýokary okuw mekdepleri boýunça degişli guramaçylyk işleriniň geçirilmelidigini aýtdy.

“Biz geljekde hem bilim ulgamyny ösdürmek, ýaş nesillerimize döwrebap bilim bermek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam etdireris” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylary, bilim işgärlerini, bagtyýar ýaşlarymyzy Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

«THE ASHGABAT TIMES».