11-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň baş direktory Ismadi Ismail bilen duşuşdy.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi. Şunda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň düşünişmek, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik esasynda depginli ösdürilýändigi bellenildi.

«Türkmenistan» gazeti