2026-njy ýylyň 10-njy awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.
Gahryman Arkadagymyz Mary welaýatynyň Halkara howa menziline gelip, ol ýerden Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäherindäki «Islim-Çeşme» serhetýaka zolagyna bardy. Bu ýerden türkmen halkynyň Milli Lideri dost-doganlyk Owganystana iş saparyny amala aşyrdy.
Owganystanda Gahryman Arkadagymyzy ýurduň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Milli Liderimiz ýaş nesliň wekilleri bilen duşuşdy, olaryň haýyşy boýunça ýadygärlik surata düşdi we sowgatlaryny gowşurdy.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradaryň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda türkmen-owgan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki halkyň taryhy taýdan emele gelen dostlukly gatnaşyklarynyň, medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygynyň özara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna esas bolup durýandygyny bellediler.
Gepleşiklerde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi, Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisi, elektroenergetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk, ulag-logistika mümkinçiliklerini ösdürmek ýaly möhüm ugurlara aýratyn üns berildi.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň sebitde parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilendigini nygtady. Şeýle hem Türkmenistanyň Owganystan bilen iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň dowamynda ykdysady hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek, bilelikdäki taslamalary ilerletmek, energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň tebigy gazyny, elektrik energiýasyny Owganystana ibermek, täze infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek iki ýurduň ykdysady ösüşine hem-de sebitiň durnuklylygyna möhüm goşant goşýan ugurlar hökmünde bellenildi. Şeýle hem gepleşikleriň dowamynda medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy. Türkmen ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan owgan talyplarynyň sanyny artdyrmak, hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigi bellenildi.
Gepleşikleriň netijesinde «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Owganystanyň «Afghan Gas» döwlet korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu resminama iki ýurduň gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ädim bolup durýar. Ähtnama laýyklykda, taraplar Hyrat welaýatynda gaz infrastrukturasyny ösdürmek, senagat kärhanalaryny, elektrik stansiýalaryny we ilaty türkmen gazy bilen üpjün etmek boýunça bilelikde iş alyp barmak barada ylalaşdylar.
Saparyň dowamynda Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisi boýunça alnyp barylýan işler bilen hem tanyşyldy. Häzirki wagtda bu möhüm taslamanyň gurluşygyny üstünlikli tamamlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Gahryman Arkadagymyz we owgan tarapynyň wekilleri duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşýandygyna ünsi çekdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň bu iş sapary Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge, sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändiginiň nobatdaky beýany boldy.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.