Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň Şansi welaýatynda ýerleşýän kömür şahtasynda bolup geçen gaz partlamasynyň köp sanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelere getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.
Şu kynçylykly pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan ýürekden gynanç, medet beriji sözler, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmak baradaky dilegler beýan edildi.
«THE ASHGABAT TIMES».



Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.