«Göwher kebelek» atly Açyk Ýewraziýa kino baýragynyň bilermenler geňeşiniň garamagyna hödürlenen filmleriň sanawy yglan edildi. Dalaşgär filmleriň sanawyna Türkmenistanda surata düşürilen «Kompozitor» çeper filmi we bilelikdäki türkmen-özbek «Magtymguly» taslamasy girdi.

Bäsleşige dürli ýurtlardan: Russiýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Özbegistandan, Serbiýadan, Wenesueladan, Kubadan, Senegaldan, Günorta Afrikadan, Pakistandan, Belarusdan, Indoneziýadan, Wýetnamdan, Eýrandan we beýleki ýurtlardan jemi 34 film gatnaşýar.

«Göwher kebelek» kino baýragynyň gowşurylyş dabarasy 27-nji noýabrda Nikita Mihalkowyň «12» ussahanasynda geçiriler. Baýraklaryň çarçuwasynda dünýä kinematografiýasyna goşandy üçin diýen baýragy-da goşmak bilen, on iki baýrak gowşurylar. Ýeňijiler bilermenler geňeşiniň ses bermegi arkaly kesgitlenýär.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Dalaşgärler: iň gowy film, režissýor, senariý, operator, kompozitor, aktýor, aktrisa, ikinji derejeli aktýor, ikinji derejeli aktrisa, suratçy we ýurduň Ýewraziýa giňişligine girmeýän iň gowy filmi.

Baş baýragy gazanan film ABŞ-nyň 1 million dollar, galan ýeňijiler bolsa 250 müň dollar pul baýraklaryny alarlar.

«THE ASHGABAT TIMES».