2024-nji ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti degişli Permana gol çekdi. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory Orazow Parahat Orazmuhamedowiç, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, eýeleýän wezipesinden boşadyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Şeýle-de döwlet Baştutanynyň gol çeken Permany bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesine Batyr Meretdurdyýewiç Mämmedow bellenilip, ol Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.



Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.