Türkmenistanly ýaş agyr atletikaçylar Kolumbiýanyň Kali şäherinde geçirilen ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda ýurdumyza uly ýeňişler getirdiler.
Dünýä çempionatynda 40 kilogramdan sähel geçýän agram derejesindäki türkmen gyzlarynyň görkezen netijeleri aýratyn buýsançly boldy. Agramy itekläp galdyrmak boýunça 105 kilogramlyk ştangany sargyt eden dört türgeniň ikisi hem Türkmenistanyň wekilleridi.
Ogulşat Amanowa ýaryşda ajaýyp çykyş edip, üç synanyşygynyň hemmesini üstünlikli tamamlady. Ol ilki 99, soňra 103, soň hem 105 kilogram agyrlygy göterdi. Şeýle hem ştangany silterläp galdyrmak boýunça 86 kilogramlyk netije bilen birinji orny eýeledi. Iki görnüşiň jemi boýunça hem Ogulşat garşydaşlaryndan öňe geçip, altyn medalyň eýesi boldy.
Türkmen türgeni üçin bu ilkinji uly ýeňiş däl. Mundan üç ýyl ozal hem Ogulşat Amanowa ýetginjekleriň arasynda dünýä çempiony bolupdy. Bu gezek ol öz şahsy rekordyny 4 kilogram ýokarlandyryp, ýene-de dünýä çempionatynyň iň ýokary basgançagyna çykdy.
Şabnam Kerimbaýewa hem göreşjeň çykyş görkezdi. Medal ugrunda ol iň soňky synanyşyklarynda uly töwekgelçilige gitdi. Ilkinji iki synanyşykda başa barmadyk 105 kilogramlyk agramy üçünji gezekde üstünlikli galdyrdy. Bu netije oňa bürünç medaly getirdi we türkmen janköýerlerine ýatdan çykmajak pursatlary peşgeş berdi.
Oglanlaryň arasynda 60 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Atabek Azamatow hem baýrakly orun ugrunda göreşdi. Ol ştangany silterläp galdyrmak boýunça 116 kilogramlyk netije bilen kiçi altyn medala mynasyp boldy.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.