2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Stambul şäherinde TÜRKSOÝ guramasynyň hem-de Anadolu gazetiniň guramagynda Türk dünýäsinde teatr sungatynyň ösüşine aýratyn goşant goşan sungat işgärlerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Çärede türki döwletleriň teatr sungatynyň ösüşine hyzmat eden ussatlar aýratyn hormat bilen bellenildi.
Dabarada TÜRKSOÝ-a agza ýurtlardan saýlanan teatr işgärlerine öz ugurlaryndaky üstünlikleri üçin ýörite baýraklar gowşuryldy. Bu halkara derejeli dabarada Türkmenistanyň adyndan çykyş eden Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş Akademiki drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti Batyr Çaryýew «Iň gowy aktýor» ugry boýunça baýrak bilen sylaglandy.
Baýraga TÜRKSOÝ-yň Baş sekretarynyň kömekçisi Seýit Ýusuf tarapyndan ýadygärlik nyşany gowşuryldy.
Çykyşynyň dowamynda Batyr Çaryýew türkmen teatrynyň gazanan üstünlikleri, döredijilik mümkinçilikleri hem-de sungata berilýän döwlet goldawy barada gürrüň berdi. Ol şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň türkmen medeniýetiniň halkara derejesinde tanalmagynda möhüm orun eýeleýändigini belledi. Çaryýewiň Watana bagyşlanan şygyry bolsa zalda ýygnananlaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.
Bu dabaranyň geçirilmegi türki döwletleriň arasynda medeni hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylýandygyny, teatr sungatynyň ösüşine aýratyn ähmiýet berilýändigini we döredijilik işgärleriniň halkara derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.