2026-njy ýylyň 9-njy iýunynda Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherinde Ýewropa Komissiýasynyň ştab-kwartirasy ýerleşýän meşhur «Berlaymont» binasynda metbugat wekilleri üçin nobatdaky brifing geçirildi. Bu çäre sebit we dünýä jemgyýetçiligini gyzyklandyrýan birnäçe möhüm ugurlara degişli täze maglumatlary aýan etmek we möhüm soraglara jogap bermek maksady bilen guraldy.

Geçirilen metbugat duşuşygyny Ýewropa Komissiýasynyň metbugat kätipleri Balas Ýwanti, Anna-Kaisa Itkonen we Anita Hipper alyp bardylar. Brifingiň dowamynda halkara we sebitara derejedäki birnäçe esasy ugurlar boýunça resmi beýanatlar ýaýradyldy hem-de täzelenen seljerme maglumatlary metbugat işgärlerine ýetirildi. Şeýle hem dünýä žurnalistleri bilen halkara gün tertibine degişli meseleler boýunça giňişleýin sorag-jogap alyşmalar guraldy.

Çäräniň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň häzirki wagtda aýratyn üns merkezinde saklaýan we strategik ähmiýete eýe bolan meselelerine seredildi. Hususan-da, sebit we dünýä howpsuzlygy, migrasiýa ugurdaky syýasat, häzirki zaman halkara ykdysady ýagdaýlar, sanly bazary ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň geljegi, şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasaty we beýleki döwletler hem-de halkara guramalar bilen alyp barýan hyzmatdaşlygy giňişleýin seljerildi.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Bu halkara derejeli çärä dünýäniň dürli künjeklerinden gelen žurnalistler we habarçylar bilen bir hatarda, Ýewropa Bileleşiginiň Aşgabatdaky wekilhanasynyň ýardam bermeginde, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki täzeliklerini işjeň beýan edýän «The Ashgabat Times» habarlar portaly hem gatnaşdy.

«THE ASHGABAT TIMES».