Ozal habar berlişi ýaly, Ýewropa Bileleşiginiň Aşgabatdaky wekilhanasynyň goldaw bermeginde Belgiýanyň paýtagtynda tejribelik sapary dowam edýär. Halkara tejribelik saparynyň çäklerinde Brýussel şäherinde ýerleşýän dünýäniň iň iri we öňdebaryjy media serişdeleriniň biri, millionlarça tomaşaçysy bolan «EuroNews» teleýaýlymynyň merkezi edarasynyň işi bilen tanyşlyk guraldy. Munuň özi dünýä derejeli habarçylaryň iş tejribesini ýerinde öwrenmekde hem-de halkara žurnalistikanyň döwrebap talaplary bilen ýakyndan tanyşmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Saparyň dowamynda dünýäniň çar künjegine gije-gündizleýin gepleşikleri ýaýratmakda uly tejribesi bolan meşhur teleýaýlymyň iş tejribesi, habar önümçiliginiň iň kämil ugurlary, maglumatlaryň taýýarlanylyşy hem-de olaryň köp dilli teleradioýaýlym ulgamynda okyjylara we tomaşaçylara ýetiriliş aýratynlyklary tanyşdyryldy. Myhmanlar teleýaýlymyň häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan gepleşikleri alyp baryş we ýazgy ediş studiýalarynyň gurnalyşyny, ses we şekil montažynyň döwrebap innowasion gurluşlaryny synladylar.

Bu halkara hünär kämilleşdiriş çäresine dünýäniň habar beriş serişdeleriniň hatarynda Türkmenistanyň «The Ashgabat Times» habarlar portaly hem gatnaşyp, žurnalistika meýdançasynda uly tejribe toplady. Saparyň çäklerinde portalyň wekili «EuroNews» teleýaýlymynyň öňdebaryjy žurnalistleri, redaktorlary we beýleki wekilleri bilen duşuşdy. Olarda özara hünär tejribesi, media giňişligindäki häzirki zaman tendensiýalary hem-de maglumat akymyny dolandyrmagyň netijeli usullary barada gyzykly gürrüňdeşlikler we tejribe alyşmalar guraldy.

Ýeri gelende bellesek, «EuroNews» teleýaýlymynyň ýazgy studiýalarynda «The Ashgabat Times» habarlar portalynyň media bölümi üçin ýörite gepleşikler we wideo-habarlar taýýarlanyldy.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.