2024-nji ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti degişli Permanlara gol çekdi. Arslan Gurbanmämmedowiç Aşyrow, saglyk ýagdaýy sebäpli, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Meýlis Baýrammyradowiç Rejepow bellenilip, ol Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Aşgabat» teleýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.