Tbilisi şäherindäki «Ekspo Georgia» sergiler merkezinde hormatly Prezidentimiziň döwlet saparyna gabatlanyp, Türkmen-gruzin işewürlik maslahaty geçirildi. Bu ýerde Türkmenistanda öndürilen önümleriň göçme sergisi hem ýaýbaňlandyryldy. Olara döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň internet sahypasynda habar berildi.
Işewürlik maslahatynyň geçýän ýerinde hormatly Prezidentimiz mähirli garşylanyldy. Soňra bu ýerde guralan Türkmenistanda öndürilen önümleriň giň möçberli sergisine aýlanyp görüldi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem-de Gruziýanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan sergi 592 inedördül metr meýdanda ýaýbaňlandyrylypdyr. Onda ýurdumyzyň ministrlikleriniň, döwlet edaralarynyň 17-siniň, hususy kärhanalardyr telekeçileriň 42-siniň diwarlyklaryna orun berilýär. Diwarlyklar «Türkmenistanda öndürilen» nyşanly azyk önümlerinden başlap, dokma, himiýa, senagat harytlarynyň dürli görnüşleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.
Sergi bilen tanyşlykdan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen-gruzin işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasynda çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz bu forumyň söwda-ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam berjekdigini aýdyp, ýurdumyzyň esasy ykdysady görkezijileri, maýa goýum kuwwaty, hususy pudak üçin döwlet tarapyndan döredilýän şertler barada aýratyn durup geçdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň işewürlik forumyndaky çykyşy tamamlanandan soňra, gruzin tarapynyň käbir döwlet we hususy düzümleriniň ýolbaşçylary hem çykyş etdiler.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.