Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa iki ýurduň dostlugynyň nyşany hökmünde halkymyzyň özboluşly medeniýetiniň taryhy nyşany bolan iki sany türkmen alabaýyny iberdi. Türkmen halkynyň adyndan tatar halkyna iberilen özboluşly sowgat aýratyn hoşallyk we ruhubelentlik duýgusy bilen kabul edildi.
Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň adyndan iberen Alabaý we Alaja atly arassa ganly tohum itleriniň Rustam Minnihanowa gowşurylmagy iki halkyň taryhy umumylyklaryna goýulýan hormat-sarpanyň nobatdaky aýdyň nyşanyna öwrüldi. Tatarystanyň Baştutany türkmen tarapyndan gowşurylan alabaýlary aýratyn hoşallyk we ruhubelentlik duýgusy bilen kabul etdi. Munuň özi türkmen-tatar gatnaşyklarynyň çäklerinde itşynaslyk ylmyny ösdürmäge, Tatarystanda arassa ganly türkmen alabaýlaryny wagyz etmäge goşant goşar.
Türkmen topragyndan eltilen alabaýlar tatar topragynda hem tiz öwrenişdi we özboluşly hereketlerini görkezip, haýran galdyrdy.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.