5-nji iýulda sagat 19:00-da Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Tahir Ataýewiň orkestriniň “Dünýäniň Daşynda” atly konserti geçiriler. Agşamky maksatnama dürli ýurtlaryň we medeniýetleriň ruhuny özünde jemleýän meşhur sazlary hem-de söýlüp diňlenýän eserleri hödürlär. Her bir çykyş tomaşaçylary Ýewropanyň, Gündogaryň, Amerikanyň we Latyn Amerikasynyň özboluşly saz dünýäsine alyp gider.
Bu konsert janly sazy söýýänler üçin ýatdan çykmajak täsirleri we ýakymly duýgulary wada berýär. Maksatnama dünýä sazynyň köpdürlüligini açyp görkezmek bilen, tomaşaçylara konsert zalyndan çykman, birnäçe yklyma ruhy syýahat etmäge mümkinçilik döreder. Konsertiň başlanjak wagty sagat 19:00. Biletler we goşmaça maglumatlar üçin 55-90-15 ýa-da +993 62 53-28-71 telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz.



Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.