Sişenbe güni, 1-nji aprelda birža söwdalarynda daşarky bazarda Gyrgyzstan döwletiniň işewürleri Dokma Senagaty ministrliginden nah ýüplügini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar . Içerki bazarda ýerli işewürler “Türkmennebit” Döwlet konserninden “BND 60/90” , Dokma Senagaty ministrliginden boýalan wafli matasyny hem-de Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden gazbeton bloklaryny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 12 062 400,00 manada we 171 160,00 ABŞ dollaryna deň bolan 8 geleşik baglaşyldy.
Sişenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa, ýeňil senagatynyň we gurluşyk önümleri satyldy



Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.