2024-nji ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi Begenç Durdyýew bu ýurduň Hankuk daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň Prezidenti Joň Wun Pak bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda bilim ulgamynda, şol sanda, 2019-njy ýylda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Hankuk daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň arasynda baglaşylan özara ylym-bilim hyzmatdaşlygy hakynda ähtnamanyň çäklerinde amala aşyrylýan hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, bilim hem-de ylym ulgamynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek babatynda bar bolan mümkinçilikler boýunça hem özara pikir alyşyldy. Duşuşygyň barşynda Hankuk daşary ýurt dilleri uniwersitetinde türkmen dili fakultetini açmak mümkinçiligine hem seredildi.
Seuldaky Hankuk daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň Prezidenti bilen duşuşyk geçirildi



Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.