Golaýda Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň çäginde ralli-reýd boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasy, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Içeri işler hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleri tarapyndan bilelikde guralan ýaryş sportuň bu görnüşine bolan gyzyklanmanyň ýokarydygyny ýene bir gezek äşgär etdi.
Ýaryşa gatnaşyjylar Garagum sährasynyň jümmüşinden geçýän, çäge depelerini we kynçylykly, ýolsuz künjekleri öz içine alýan 358 kilometrlik menzili külterlediler. Iki gün dowam eden çekeleşikli ýaryşda sürüjiler diňe bir wagt bilen däl, eýsem, sähranyň agyr şertleri bilen hem bäsleşdiler.
Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň wekili Baýram Annagulyýew (ýolbeledi Italmaz Çaryýew) bellenen menzili birinji bolup geçmegiň hötdesinden geldi. «Nissan Patrol» kysymly ulagda bäsleşen ekipaž 3 sagat 39 minut 56 sekunt netije görkezdi. Ýeňijiden bary-ýogy birnäçe minut yza galyp, bellenen aralygy 3 sagat 46 minutda geçen Awtomobil ulaglary ministrliginiň wekili Merdan Toýlyýew (ýolbeledi Serdar Aýdogdyýew) ikinji orny eýeledi. Onuň ekipažy hem Garagum sährasynyň gözel künjeginden geçýän menzilleri «Nissan Patrol» ulagynda külterledi. «Toyota Hilux» ulagynda ýaryşa goşulan Ahal welaýat Polisiýa müdirliginiň wekili Çaryýar Çaryýarowyň topary (ýolbeledi Nurmyrat Hajymyradow) bolsa 4 sagat 2 minutlyk netije bilen öňdäki üçlügi jemledi.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.