2026-njy ýylyň 10-njy iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatynyň häkimi wezipesine Röwşen Jumaýewi belläp, ony Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini aýtdy we degişli resminamalara gol çekdi.
R.Jumaýew bildirilen ynam üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, bu wezipede tutanýerli zähmet çekmek üçin ähli gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
«THE ASHGABAT TIMES».



Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.