Düýn - 24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Köpugurly halkara sergä we maslahata 55 ýurtdan wekiller gatnaşýarlar. Serginiň çäklerinde türkmen hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň, daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň 130-dan gowragy diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy.

Daşary ýurtlardan sergä gatnaşyjylaryň hatarynda “Bouygues Türkmen”, “Gap Inşaat”, “Rönesans”, “Çalyk Enerji”, “Daewoo”, “Altkom”, “Interbudmontaž” ýaly ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlyk edýän kompaniýalary bar. 

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Hususy gurluşykçylaryň sergi diwarlyklarynda Aşgabatda amala aşyrylan taslamalar bilen bir hatarda, Arkadag şäherinde gurlan we gurulýan desgalaryň şekilleriniň öz beýanyny tapmagy bu döwrebap şäheriň türkmen kärhanalarynyň ösmegi, tejribe toplamagy üçin uly mümkinçilikleri hödürleýän meýdança öwrülendigini görkezýär. 

“Ak şäherim Aşgabat” atly köpugurly halkara serginiň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň “Global dialog arkaly iş ýüzünde durmuşa geçirmek: durnukly, inklýuziw we “akylly” şäherler” atly ýokary derejeli halkara “tegelek stol” maslahaty geçirildi. Onda şäherleri ösdürmegiň häzirki zaman ýörelgeleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

«THE ASHGABAT TIMES».